Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Häkim, öz nobatynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda, şonuň ýaly-da, bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hil derejesinde tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere we paýtagtymyzyň häkimine bu babatda tabşyryklar berdi.
Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri hem-de döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr. Türkmen paýtagtynyň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp, ol ähli babatda nusgalyk bolmalydyr, munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şöhratly seneler — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Gök-miwe ekinleriniň, ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny almak üçin zerur işler geçirilýär.
Şeýle hem häkim şu günler gar ýagyp, sowuk howanyň gelmegi sebäpli, miweli agaçlaryň hasyllylygynyň peselmezligi üçin görülýän agrotehniki çäreler, maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşdan dok we ýyly alyp çykmak boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigi, şu günler bolsa dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Hasabatyň barşynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berildi.
Häkim sebitiň täze gurulýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň gurluşyk depginlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň biri bolan ýaz ekişine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şol sanda ýerleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli taýýarlamak hem-de daýhanlary tohumlar bilen doly möçberde üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bugdaý ekilen meýdanlara ýagan garyň maýsalaryň iýmitlenmegi we ösüşi üçin örän peýdaly bolandygyny belläp, bugdaýa ideg etmek hem-de bellenilen agrotehniki çäreleriň öz möhletinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegi hem-de howanyň sowamagy bilen baglylykda miweli agaçlara ideg etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bereketli hasyl almak hem-de ilaty ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin gök-miwe ekinlerine, şol sanda ýeralma we sogana ideg etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz pile öndürmek boýunça möwsüme taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.
Meýdan işleri bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz howanyň sowuk günlerinde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek, şol sanda tohum mallaryň baş sanyny artdyrmak, täze bolan guzulary we köşekleri saklamak üçin şertleri üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berdi. Degişli ugurda maldarlara toplumlaýyn ýardam edilmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň degişli derejede geçirilmelidigi barada aýdyp, agaç nahallarynyň zerur sanyny üpjün etmek, ýerleri ekiş üçin taýýarlamak barada degişli görkezmeler berdi.
Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekin meýdanlarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Etraplarda ýazky meýdan işlerine taýýarlyk görmek, şol sanda ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek işleri toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Bugdaýa ideg etmek boýunça zerur işler geçirilýär, hususan-da, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Öňde boljak baýramçylyklara, şol sanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.
Ýazky ýeralma, sogana ideg etmek, beýleki gök ekinleri ekmek boýunça iş depginini artdyrmak hem-de olary agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin çäreler görülýär.
Welaýatyň häkimi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsüminiň öň ýanynda geçirilýän işleriň göwnejaý guralmagyna, ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak hem-de daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şunda ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Güýzlük bugdaýa oba hojalyk ylmynyň görkezýän möhletlerine laýyklykda ideg işlerini dowam etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz gar ýagyp, howanyň sowandygyna ünsi çekip, munuň bolsa ir gülleýän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökmegine getirendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bereketli hasyl almak üçin miweli baglara, şonuň ýaly-da, ýazlyk ýeralma we sogana ideg etmek hem-de beýleki gök we bakja ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça işleri agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirmegi tabşyrdy.
Garyň ýagyp, sowuk howanyň aralaşmagy sebäpli, maldarçylyk we düýedarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmek maksady bilen şu döwürde maldarlaryň netijeli işlemegine goldaw berjek ähli şertleri döretmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi. Bu işde halkymyzyň baý tejribesine hem-de häzirki zamanyň alym-zootehnikleriniň maslahatlaryna eýerilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ähli çäreleriň üstünlikli we doly berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklar berdi.
Pile öndürmek boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine hem-de bu ugurda bar bolan meseleleri dessin çözmek babatda görülýän çärelere aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ähmiýetini belläp, bu çäräni toplumlaýyn ylmy esasda hem-de ýerli toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim obasenagat toplumynda, gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hem-de iş depgini, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Hususan-da, ýazky gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, kärendeçileri ýokary hilli tohum, dökün we suw bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gök ekinleri ekmegiň kesgitlenen möhletlerine laýyklykda, welaýatda ekişi ýokary hilli geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär.
Mundan başga-da, pile öndürmek boýunça işleriň meýilnamasy, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini hem-de olaryň ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde ulanmak, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen geçirilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz howanyň şu günlerki ýagdaýynyň ak ekinler üçin örän peýdaly bolandygyny aýdyp, meýdanlarda bugdaý maýsalaryna ideg etmek boýunça möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli geçirmek bilen bagly bolan meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen welaýatda ekilen ýazlyk ýeralma we sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini hem-de meýilnama laýyklykda beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň bellenen möhletinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklar berdi.
Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz maldarlar üçin her ýylyň mart-aprel aýlarynda örän jogapkärli möwsümiň — owlak-guzy almak möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi. Şu günler garyň ýagyp, sowuk howanyň gelmegi sebäpli, maldarlara toplumlaýyn goldaw bermek zerurdyr.
Milli Liderimiz sebitiň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi barada durup geçmek bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek hem-de bag nahallaryny taýýarlamak boýunça wezipeleriň çözülmegini gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny kesgitlenen möhletlere laýyklykda tamamlamak boýunça anyk görkezmeler berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň depginleri barada hasabat berdi. Bugdaý ekilen meýdanlarda maýsalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwy tutulýar, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de aprel aýynda belleniljek baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Şeýle hem hasabatyň çäginde pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşyp, olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen ýeterlik üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, möwsümleýin işleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, daýhanlary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň esasy şertleri bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz şu günler gar ýagyp, howanyň sowandygyny, munuň bolsa güllän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökmegine getirendigini aýdyp, ýagan garyň baglara ýetiren ýaramaz täsirini aradan aýyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegini dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralma we sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gök-bakja ekinleri, gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede işlenip taýýarlanylmagy, geçirilmeli işleriň agrotehnikanyň kadalaryna kybap gelmegi ähmiýetli orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz garyň ýagyp, sowuk howanyň aralaşmagynyň welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmegi talap edýändigini aýdyp, pudagyň zähmetkeşleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine degişli derejede taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, kärendeçi ýüpekçileriň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek barada degişli tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä geçip, şu ýyl şanly sene mynasybetli welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu babatda wise-premýere we häkime anyk görkezmeler berdi.
Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, baýramçylyk çäreleriniň, şeýle hem bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görülýär, güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Ýerlerde ýeralma, sogana ideg işleri dowam edýär.
Bulardan başga-da, häkim bag ekmek dabarasyna hem-de pile öndürmegiň nobatdaky möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň medeni maksatnamasy barada habar berildi. Meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli düzümleriň işlerini utgaşdyrmak üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň kesgitlenen möhletlere laýyklykda guramaçylykly ekilmeginiň hem-de gowaça meýdanlaryna degişli derejede ideg edilmeginiň “ak altynyň” bereketli hasylyny almagyň girewidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu günler gar ýagyp, howanyň sowandygyny, şol sebäpli ir güllän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökendigini aýtdy. Milli Liderimiz miweli baglara ideg etmek işlerini degişli agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýmak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz geljekde bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur tagallalaryň birleşdirilmelidigini hem-de ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap agrotehnologiýalary hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda, pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz her ýylyň mart-aprel aýlarynda maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsüminiň maldarlar üçin hakyky synaga öwrülýändigini aýdyp, garyň ýagyp, howanyň sowamagy bilen baglylykda, maldarlara hemmetaraplaýyn ýardam edip, olaryň bu jogapkärli döwürde netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly häkime anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz halkymyzy dürli önümler bilen doly möçberde üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini aýdyp, häkime ýazky gök ekinlere edilýän ideg işlerini, şol sanda olara ösüş suwunyň tutulmagy hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegi ýaly agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkimine öňde boljak bag ekmek dabarasy bilen bagly guramaçylyk meselelerini çözmek boýunça görkezmeler berip, gymmatly dokma çig maly bolan ýüpek pilesini öndürmek boýunça möwsüme görülýän taýýarlygy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şeýle hem, pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer howanyň birden sowamagy bilen baglylykda, bu ýagdaýyň miweçilik hojalyklaryna, maldarçylykda dowam edýän owlak-guzy möwsümine ýetiren täsirini öwrenmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, garyň ýagyp, howanyň sowamagy bilen baglylykda, bu ýagdaýyň oba hojalyk önümleriniň, şol sanda miweleriň geljekki hasylyna, owlak-guzy möwsüminiň barşyna ýetiren täsirini anyklamagy, öwrenmegi we bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlaryna ýagan garyň maýsalaryň iýmitlenmegi we ösüşi üçin örän peýdaly bolandygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bu işe çekmegiň hem-de olar bilen bilelikde ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeleri taýýarlap, önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowy we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhunyny has-da artdyrmak, meşhur ahalteke bedewleriniň atlaryny ebedileşdirmek, şeýle hem halkara tejribelere we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, at çapyşyklarynyň geçirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýulmagy teklip edilýän kuboklaryň we baýraklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, “Ak şäherim — Aşgabat”, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň göçme kuboklarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, “Watan goragçysy”, welaýatlaryň göçme kuboklarynyň görnüşleri, türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda taý bolmadyk “Akhan”, “Boýnaw”, “Garader”, “Gelşikli”, “Nusaý, “Pereň», “Polatly”, “Ýanardag”, “Meleguş” ýaly türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň görnüşleriniň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara tejribelerden ugur alnyp, atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi hem-de olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we teklipler bilen tanşyp, käbir degişli maslahatlaryny berdi we olary, umuman, tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda döwrüň ösen tehnologik önümçiliklerini ornaşdyrmaga, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri atçylyk pudagynda, şol sanda at çapyşyklaryny döwrebap derejede geçirmekde hem işjeň ulanyp, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň möhüm wezipesiniň ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny we gymmatyny hem-de atşynaslygyň däplerini gorap saklamakdan we olaryň şöhratyny bütin dünýäde has-da artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, birleşigiň hünärmenleriniň baş maksady öňde durýan şu wezipeleri çözmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Türkmen alabaýynyň baýramyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu baýramçylyklaryň örän uly ähmiýetine ünsi çekip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýlarynyň bäsleşikleriniň ýeňijilerine gowşuryljak baýraklar barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýdyp, milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça ähli welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň barşyna gözegçilik etmek maksady bilen, şol merkezleriň gurluşygy bilen ýerinde tanyşmak barada görkezmeler berdi.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmegiň, halkymyzyň bagtly, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23280?type=feed